«TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINIŇ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ ORNY»

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Olar agzybir halkymyzyň, aýratynda türkmen ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak, hakydalarynda orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi beýik üstünliklere ruhlandyrýar we nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkitýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden — ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.

     Şol nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işjeň agzalary, bagtyýar ýaşlar, professor mugallymlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara mynasybetli gurnalan sergide bolsa türkmen halkynyň milli gymmatlyklary öz beýanyny tapdy. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalardan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde häzirki wagtda hem ýaşlaryň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda ählitaraplaýyn taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny belent mertebeli Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam edýär.

     Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe ýaş nesillerimize aýratyn üns berýär. Türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri bilen birlikde, olarda ýiti düşünjeliligi kemala getirmek, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň Watanymyzy gülledip ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir.

     Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmekdäki amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, umumadamzat ähmiýetli taryhy özgertmeleri bu günki bagtyýar döwrümiziň nesilleriniň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde görüm-göreldedir. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI