Ýaşlar — döwletimiziň daýanjy, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. 24-nji awgustda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahaty, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny ýaşlarmyza ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler watandaşlarymyza ajaýyp sowgat — täze eseri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de şygryýet äleminde üstünlikleri arzuw edip, ähli ildeşlerimizi bu ajaýyp waka bilen gutladylar.
Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusy hemmeler üçin, aýratyn-da, döredijilik işgärleri üçin ylham çeşmesine öwrüler. Milli Liderimiziň ýazan bu täze goşgusy many çuňlugyna eýe bolmak bilen, onuň bentlerinde beýan edilýän mazmunyň yzygiderliligi, setirleriniň bogun we kapyýa sazlaşygynyň doly berjaý edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ussat şahyrdygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykarýar. Çykyşlaryň dowamynda Milli Liderimiziň täze goşgusyndan setirler okalyp Köpetdagyň eteginde howalanyp, ör-boýuna galan beýik Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan döwletiniň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejelerini, halkynyň eşretli ýaşaýşyny belentden, uly buýsanç bilen synlap duran akyldar şahyryň ruhunyň hyýallara dolýandygy bellenildi. Hususan-da, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi baradaky hoş habar ýetirildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar » şygary bilen geçýän şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halka-hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky ýene bir uly ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmeginiň bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, Watan, döwlet, adam hakdaky beýik taglymatlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk hakdaky ýörelgeleri, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-nesihatlary ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Watançy ýaşlar bu görelde mekdebine eýerip, agzybirlikde, abadançylykda, bagtyýarlykda, asudalykda ýaşar, gurar, döreder, ynamly öňe gider! Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, at- abraýynyň dünýä dolmagynyň hatyrasyna yhlasymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Ýaşlarmyza okamaga işlemäge zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni