ÝAŞLAR SYÝASATY DÜNÝÄDE YKRAR EDILÝÄR

     Ýaşlar ýurduň geljeginiň berk binýadydyr. Ýaşlar — ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleridir. Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, saglygy, saýlan hünärine eýe bolup, mynasyp derejede bilim-terbiýe almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy, saýlap alan sportuň görnüşi boýunça ýokary ussatlyga ýetmegi — munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan baş wezipeleridir. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýaşlara döwrebap şertlerde okap, bilim almaklary, ylym öwrenmekleri, sport bilen meşgul bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Olar halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, olimpiadalara, sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, ýeňiş serpaýlary bilen Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar. Munuň özi, ýaşlaryň boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmegini gazanmak ugrundaky netijeli işlerdir. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan orun alan kitaplary okamak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, dil endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýörite okuwlara gatnaşmak ýaly möhüm ähmiýetli asylly işlere goşantlary goşýarlar. Özleri hakynda edilýän aladalara oňat düşünýän ýaşlar umumy bir maksada gulluk edýärler: okamak, öwrenmek, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek.

     ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de, türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de «Türkmen milli halyçylyk sungaty» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun aldy. Mundan başga-da, «Türkmeniň keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» we «Molla Ependiniň şorta sözleriniň gürrüň berijilik däbi» ýaly milli gymmatlyklarymyz maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerine goşuldy.

     Bu günki gün ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Bagtyýar ýylymyzyň şanly ösüşleriniň dowam edýän taryhy gününde, ýagny şu ýylyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Strategiýa ýaşlarymyzyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde halkara hukuk binýadydyr.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Bu bolsa, ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze gözýetimleri açýar we giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gurultaýynda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Biz — ýaşlar üçin uly aladalary edýän, ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn. Goý, hemişe biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!

 

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 561 okalan

DIÝARDAN ÝAÝRAN ÝOLLAR