Her ýylyň tylla güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň güýzi hem ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramçylygymyzy ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görýän günümizde ýurdumyz toý-dabaralaryna beslenýär.
Şanly baýramçylygyň esasy dabaralarynyň biri-de halkymyzyň taryhyndan gözbaş alýan, il-içinde abraýly, sylagly adamlaryň jem bolmagynda geňeş etmek, maslahat geçirmek ýaly asylly däbine eýerilip geçirilýän döwletli maslahatdyr.
Her ýylda agzybirligiň, jebisligiň nyşany bolan Garaşsyzlygyň ösüş ýolundan gazanylan sepgitlerdir, öňde duran wezipelere ser salmakda möhüm ähmiýete eýe bolan Halk maslahaty ýokary derejede geçirilýär. Döwletli maslahata gabatlap, dürli pudaklarda göreldeli zähmetiň belent nusgasyny görkezen, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çeken ildeşlerimize sylag-serpaýlaryň ýapylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy hem asylly däbe öwrüldi.
Her ýylyň özüniň bir ajaýyp şygary bar. 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly hem ýaşlarymyzyň bagtyýar geljeginiň ýyly bolup durýar. Şeýle bolansoň her ýylda geçirilýän Halk maslahatynda hem ýaşlaryň hem aglaba bölegine gatnaşmaga mümkinçilikler döredilýär. Çünki döwür ýaşlaryň deminden güýç alýar, ýaşlygyň joşgunyndan belende galýar. Döwrüň batly gadamlarynda ýaşlaryň ýürek urgusy, ýaşlaryň sesi eşidilýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän kämil bilimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Döwletimiziň jemgyýetimiziň esasy sütüni, dowamat-dowamy hasaplanýan bagtyýar ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň görüm-göreldesine, ýol-ýörelgesine eýerip, ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekip, täze eýýamyň bedew batly ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Kämil ýaşlar ýurduň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň, halkyň nurana geljeginiň kepilidir. Goý Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun.
Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.