ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ GELEJEGI

Beýik ýyllarymyzyň sepgidinde bir hakykat sere dolýar. Döwür ýaşlaryň deminden güýç alýar, ýaşlygyň joşgunyndan beýgelýär. Döwrüň batly gadamlarynda ýaşlaryň ýürek urgusy, ýaşlaryň sesi eşidilýär. Goý Berkarar döw;etiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun. Howwa dogrudanda döwletimiziň, jemgyýetimiziň esasy sütüni, dowamat-dowamy hasaplanýan bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň görüm-göreldesine, ýol-ýörelgesine eýerip, Ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekip, täze eýýamyň bedew batly ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Kämil ýaşlar ýurduň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň, halkyň nurna geljeginiň kepilidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýän günlerimizde ähli pudaklar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem ýokary derejede taýýarlyk görüp, birnäçe wagyz-nesihat we söhbetdeşlik, maslahat duşuşyklaryny geçirýär. Esasan-da geçirilýän çärelere gatnaşýan wekilleriň aglaba böleginiň ýaşlardan ybarat bolmagy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärlerini aýratyn guwandyrýar.

Çünki häzirki wagtda bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdir.

Goý elmydama ýaşlary döwrüň beýik geljegi hökmünde garaýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Myrat GOŞAÝEW,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň

Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar

guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI