“AHLAK ARASSALYGY RUHY TÄMIZLIK”

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza temmäki önümleriniň, suw çiliminiň, guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen getirilmegine, olaryn bikanun söwdasyna hem-de ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň, türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly  endiklerini aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigini we bu ugurda berk gözegçiligi, öňüni alyş hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdanlaryny giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmäge bagyşlanyldy. Bilşimiz ýaly jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar gelejeginiň berk binýadyny goýmak ugrunda nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda il-ýurt bähbitli bu asylly işe mynasyp goşant goşmagyň jemgyýetiň her bir agzasynyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandygy goşmaga çalyşýar. Ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmekde netijeli işler ýaýbaňlandyrylyp bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigini we hereket etýändigini bellemek gerek Bu babatda döwletimiz tarapyndan köpugurly maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 2013-nji ýylyň dekabrynda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagy netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Geçen ýyl bolsa Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ilatyň saglygyny goramak ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak olaryň bagtyýar gelejegi üpjün etmek bilen bagly işler hemişe döwletiň üns merkezindedir. Ahlak arassalygy sagdyn durmuş ýörelgeleri, ruhy tämizlik pederleriň pendine ygrarlylyk belent adamkärçilik häsiýetleri we Watansöýüjilik kämil jemgyýetiň berk esaslaryny emele getirip olar hemişe Türkmen ýaşlaryna mahsus aýratynlyklary bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine uly ähmiýet berilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Gahryman  Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaşlara okamak öwrenmek döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp biz ýaşlar okamaly öwrenmeli hemde döretmelidiris,jemgyýetde ýaşlaryň arasynda öz janyna kast edýän ýetginjekleriň ýaşaýyşa bolan höwesiniň artdyrylmagyny, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklaryň birnäçe betbagtçylygyň üstünden eltýänligini munuň ýaly hadysa jemgyýetimiz bolup göreşmelidigimizi hem-de ýaşlarymyzyň aňynda ata watanymyza bolan watansöýüjilik ukybyny artdyrylýar. Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň  2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň sanly ulgam bilen baglanşykly düşünjesini ýokarlandyrmak, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmaklaryny hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek, edep-ekramly, ahlak arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklygyny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak maksady bilen ýaş raýatlaryň azatlyklaryny, hukuklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, ýaşlaryň özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen, hem-de ýaş maşgalalary durmuş ykdysady taýdan gollamaga göz öňüne tutulyp, syýasy, medeni, guramaçylyk, hukuk çäreleriniň ulgamy bolup hereket etmek bilen bir hatarda, halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmekde möhüm resminama bolup durýan bu Maksatnama aýdyň geljegi nazarlaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine uly ähmiýet berilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşyp mähriban diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmalydyklaryny çykyşyň dowamynda belläp geçdiler we duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Lidermiziň Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

Batyrgeldi MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI