ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Çagalaryň göwnejaý dynç almagyny, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen sport çäresine gatnaşyp, erjellik bilen bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ybraýym HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI