Saglygyny baş baýlygyna deňeýän eziz halkymyz bu gün Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, ak arzuwlaryň ak ganatynda, ösüşli menzilleriň ýaraşygyna-ýaraşyk goşup, ýurdumyzyň her bir pudagynda döredijilikli hem-de päk zähmetiň lezzeti duýup ýaşaýar. Döwletimiz tarapyndan ilatymyza ösen derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, milli saglygy goraýyş ulgamymyzy özgertmek hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda günüň-gününe ýokary derejede we ulgamlaýyn esasda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek, sagaldyş hem-de bejeriş edaralarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn we röwşen geljegi nazarlaýan döwletli işleri amala aşyrmak döwletimiziň esasy we baş wezipeleriniň biridir. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň we çagalaryň saglygyny berkitmek, enäniň we çaganyň saglygyna halkara talaplaryna laýyklykda baha bermek usulynyň ýurdumyzyň amaly lukmançylygyna ornaşdyrylmagy, sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmekde, çagalarda irki bäbeklik döwründe ýüze çykyp biljek bökdenşlikleriň öňüni almakda birnäçe meseleler boýunça täzeçe çemeleşmeleri özünde jemleýär. Çagalarda duş gelýän kerrewlik, süýjüli diabet keselleriniň öňüni almak we ony bejermek boýunça iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Saglygy goraýyş pudagynyň öňünde çözülmesi iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýan inçekesele hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreşmek, onuň öňüni almak boýunça hem döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler ýola goýulýar. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça giň gerimli işleriň ýola goýulmagy, saglyk ähmiýetli tebigy ýer-suw serişdelerimizi peýdalanmagyň çäklerinde, bejeriji ähmiýetli tebigy zolaklarda şypahanalary gurmak, öňki bar bolanlarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler eýýämden özüniň miwelerini berýär. Ýurdumyzda okgunly ösýän saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýokary derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan döwletli işleriň ählisi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen çuňňur mazmunly şygary öňe sürýän, halkymyzyň abadançylygyny, ilatymyzyň beden saglygyny goramak hem-de berkitmek boýunça derwaýys wezipeleri baş maksat edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de köptaraplaýyn syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Güljeren NURLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy
hünärmeni.