ÝAŞLAR — BIZIŇ BAGTLY GELJEGIMIZDIR

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Bagtyýarlyk etrap kazyýeti, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan ugur alyp, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde mekdep okuwçylarymyzy, ýaşlarymyzy milliligimize medeniýetimize, däp-dessurlarymyza bolan hormat sarpany ösdürmek, berk bedenli ruhy taýdan kämil, edep-ekramly, ahlak taýdan arassa hem-de Hormatly Prezidentimiziň 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, temmäki önümlerinden ýaşlary goramak, olarda zyýanly endiklere bolan ýigrençlerini döretmek maksady bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy kliniki merkeziniň mejlisiniň jaýynda «Ýaşlar biziň bagtly geljegimizdir» ady bilen wagyz-nesihat, maslahat duşuşygy geçirildi. Geçirilen maslahat duşuşygyna Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy kliniki merkezinde zähmet çekýän lukmanlar gatnaşdylar hem-de ýurdumyzda sagdyn ruhly, berk bedenli nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler we uly buýsanç bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI