TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ ÄHMIÝETI

Her bir halkyň mirasy – taryhyň açyk kitabydyr. Onuň her bir sahypasy bolsa geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilliginiň beýanydyr. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklap gelipdir. Ene-atalaryň her biri öz çagasynyň sagdyn, berk bedenli, bilimli, sowgatly, ruhy hem fiziki taýdan ösen şahsyýet bolup ýetişmegine örän uly ähmiýet beripdir, bu meselä dünýädäki iň wajyp zerurlyk hökmünde garapdyr. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň milli oýunlary hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has giň gerime eýedir.

Millilik- türkmeniň asyl süňňüdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini entek çagalykdan başlap belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Mertlik, merdanalyk, garadan gaýtmazlyk, gözsüz batyrlyk ýaly duýgular parasatlyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini ýüze çykarýar. Türkmeniň milli oýunlary hem ýaş nesli durmuşa uýgunlaşdyrmak, olary ähtitaraplaýyn ösdürmek, geljekde duşjak islendik ýagdaýlardan baş alyp çykmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly häsiýetleri ösdürmeklikde uly ähmiýete eýedir.

Çagalara ýaňy aýak bitende, eşiklerine seslije gotazlaryň dakylmagy, dürli reňkli we sesli oýnawaçlary,aşyklary oýnamaklary, oglanjyklaryň, gyzjagazlaryň öz ýaşlaryna görä toparlaýyn oýunlar oýnamaklary gadym döwürden bäri milliligimize goýulýan sarpadan nyşandyr. “Bäş daş”, “Aýterek-günterek”, “Ýaralym”, “Çürrük depdi”, “Çilik”, “Çilik-hekgal”, “Düzzüm“, “Ýaglyga towusmak” ýaly oýunlar bolsa, bularyň aýdyň mysalydyr. Şeýle oýunlaryň üsti bilen çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlaryndan tapawutlanmaga mümkinçilik beripdir.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen milli oýunlaryny giňden wagyz etmäge we ýaş nesliň mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolan milli oýunlaryny çuňdan özleşdirmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Şeýlelikde, sagdyn we ruhubelent, watançy, ilhalar, edermen nesil kemala gelýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek-de, olaryň arasynda milliligimizi wagyz etmek-de biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup, mekdep okuwçylaryň we dürli ýaşlardaky çagalaryň arasynda dürli medeni- çäreleri, bäsleşikleri yzygiderlilikde geçirip durýarys. Şeýle ähmiýetdäki geçirilýän çäreleriň ählisi, ýaşlary entek çagalykdan millilik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine uly itergi berýär.

Milliligiň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän, türkmeniň milli oýunlaryny häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize,Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy aýdýarys. Goý, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI