Saglyk – diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesi we Wekilbazar etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde “Sport-güýç, gözellik, saglyk we belent ruh” ady bilen bäsleşik geçirildi. Sportuň grek-rim we erkin göreş, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de küşt görnüşleri boýunça geçirilen bu sport çäresi gyzykly hem-de uly ruhubelentlikde geçdi.
Ruhubelentlikde geçen sport bäsleşigine, sport mekdebiniň tälimçileri we okuwçy ýaşlar öz deň-duşlary bilen işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde, sportuň grek-rim we erkin göreş, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de küşt görnüşleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolanlar öňe saýlandylar. Ýeňijilere, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda, türkmen döwletiniň gülläp ösüşiniň berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesillere baglydygy, şonuň üçin hem sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwletli işleriň ähmiýetiniň örän uludygy şeýle hem, türkmen halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran beýik başlangyçlaryny dowam etdirip, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin irginsiz aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň sporty we bedenterbiýäni dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewanyň, Wekilbazar etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň okuw sport işleri boýunça direktorynyň orunbasary Gylyç Annamyradowyň, şol sport mekdebiň sportuň el pökgi görnüşi boýunça tälimçisi Ýewgeniýa Zaplatnaýanyň hem-de sportuň boks görnüşi boýunça tälimçisi Jumamyrat Çaryýewiň çykyşlary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Goý, ýaş nesliň dürli ugurlarda zehin başarnygyny ýüze çykarmaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Hajar GARRYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.