Watan saňa bagş edilen kentleri,
Meniň şygra salyp sözläsim geldi.
Küýsedenok olar maňa ýat ýeri,
Söküp dag-düzüňi ýeňläsim geldi.
Baharlaryň ýüregime yşk gatdy,
Sada duýgularym şeýlebir sapdy,
Akar suwlaryň deý çyrpynyp batly,
Joşup tolkunlar deý güwläsim geldi.
Gyzgyn çägeleriň çägi ýok çensiz,
Elimde gysymlap çykarýan keýpin,
Depe-gollaryňda seýl edip erkin,
Tutuş süňňüm bilen derläsim geldi.
Sähralaryň dar göwnüme teselli,
Ot-çöpleriň jana melhem bejergi,
Mesgen tutup laçyn guşlaň etegni,
Keýik, Jeren kimin ylgasym geldi.
“PYRAGY”
Medet diläp ilki seniň adyňdan,
Kitabyňy ele alan badymdan,
Okap ganman şygyrlaryň dadyndan,
Beýik Magtymguly dana Pyragy.
Ile ýaýyp parasatly pentlerin,
Nakyla öwrülen şygyr bentleriň,
Geçdiň aryf ussatlaryň mekdebin,
Beýik Magtymguly dana Pyragy.
Bendi ýürek kerem-keramatyňa,
Söz mülkünden dörän ymaratyňa,
Näçe barsak azdyr ybadatyňa,
Beýik Magtymguly dana Pyragy.
Pähimden püre-pür her bir setiriň,
Manylaşar uýsaň akyl pikiriň,
Adyňy belende götär nesiliň,
Beýik Magtymguly dana Pyragy.
Arkadagly Serdar beýgeldýär adyň,
Goşgulaň dilinde ýakynyň-ýadyň,
Arşa göterilýär şöhradyň-şanyň,
Beýik Magtymguly dana Pyragy.
Läle ZAKIROWA,
Murgap etrap merkezi
Kitaphanasynyň kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.