“PYRAGY HEM ARKADAG ÖMRÜMIZE ŞAMÇYRAG” ATLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle işleriň çäklerinde, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Dabaraly ýagdaýda geçen maslahat duşuşygyna TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň we Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasynyň işgärleri, Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary, şeýle-de Baýramaly etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasynyň türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini, täze taryhy döwürde ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek hem-de şahyryň ajaýyp dür manylara ýugrulan şygyrlarynyň dürli dillerde terjime edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu geçirilen maslahat duşuşygy bagtyýar ýaşlaryň ýadyndan çykmajak ajaýyp pursatlarynyň birine öwrüldi. Baýramaly etrap çagalar sungat mekdebiniň suratkeş okuwçylarynyň Magtymguly Pyragynyň, bagtyýar döwrümizi wasp edýän surat eserleriniň maslahat duşuşygynyň dowamynda sergilenmegi bolsa, duşuşygyň täsirini has hem artdyrdy.

Maslahatyň ahyrynda çärä işjeň gatnaşan ýaşlara we okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Duşuşyga gatnaşan bagtyýar ýaşlar milli taryhymyzy giňden öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Ogulgerek ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni

Öňki makala

TÜRKMENISTAN

Indiki makala

“WATAN TARYPY”

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI