Bu gün döwlet gülläp ösýär,
Şan-şöhratyň dilde dessan.
Älem içre ýaňlanyp dur,
Beýik adyň “Türkmenistan”.
Geçmişde Oguz han atam
Bu beýik döwleti beslän,
Arkadagly Serdar bilen
Ösýär ýurdum Türkmenistan.
Ýaýlalarda gyr atlary,
Gezim eder messan-messan,
Alabaýym wepaly dost,
Çöller indi bagy-bossan,
Görogly beg mekan tutmuş,
Eseri deý beýik ussaň,
Arkadagly Serdar bilen
Ösýär ýurdum Türkmenistan.
Täze tehnologiýa bilen,
Ak geljege gadam basýan,
Nebit-gaz tükenmez baýlyk,
Halal zähmet bilen ösýän,
Pyragymyz şeýle döwri
Arzuw eýläp şygyr beslän,
Arkadagly Serdar bilen
Ösýär ýurdum Türkmenistan.
Biz ýaş nesil okamaly,
Döretmeli ajap işler,
Ýurt parahat, il asuda,
Göwün başga näme islär,
Bu gün ynha ähli kişi,
Ýetýär arzuwyna beslän,
Arkadagly Serdar bilen
Ösýär ýurdum Türkmenistan.
Hakyň bakan, halkyň saýlan,
Türkmeniň beýik perzendi,
Ýoluňyz dowamat-dowam,
Arkadagymyň perzendi,
Garaşsyz, Bitarap ýurdum,
Siz bilen toýa beslendi,
Arkadagly Serdar bilen
Ösýär ýurdum Türkmenistan.
ENELER
Sallançagyň bagyn tutan eline,
Dert bermesin bütin geljek seneler.
Ajy sözler ötegçem däl diline,
Gyzgyn mähre ýugrulandyr eneler.
Dünýä indireni agardar başyn,
Şonda-da bagyşlar, öter ýalňyşyn,
Ýaz eder perzendiň aňzakly gyşyn,
Gyzgyn mähre ýugrulandyr eneler.
Ýatlap ýö:rün ýalňyşlarmyň baryny.
Şarpygy janymy ýakan ýalydy,
Bilmändirin elin agyrdýanymy,
Gyzgyn mähre ýugrulandyr eneler.
Ol dünýäniň görk durkuna deňelen,
Deňelipdir, elmydama deňeler,
Dil uzatsaň şeýle mukaddeslige...
Ýa lal bo:rsuň ýa-da ömrüň kemeler.
Merdan ALLANEPESOW,
Murgap etrabyndaky 19-njy
orta mekdebiniň okuwçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.