“HALYPA- ŞÄGIRTLIK MEKDEBI” ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Asuda hem asly halal Watanymyzda, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde baý medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň hem-de türkmen edebiýatynyň ösmegine, dünýä ýaýylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň amatly şertlerde zähmet çekmegi üçin maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Golaýda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli institutymyzyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Orazguly Annaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutymyzyň professor-mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, döredijilik bilen meşgullanýan talyplar işjeň gatnaşdylar.

Duşuşykda halypa şahyr edebiýatyň, şygryýetiň näzik dünýäsi, ýüregi ylhamly adamyň hem ezýetli, hem lezzetli hysyrdylary, öz durmuş we döredijilik ýoly hakynda täsirli wakalary gürrüň berdi. Şeýle-de ussat halypa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, ýaşlar barada edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler barada gürrüň edip, şu gymmatlyklaryň gadyryny bilmegi ýaşlara sargyt etdi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypa ýazyjy Orazguly Annaýew özüniň dürli ýyllarda döreden kyssa we poeziýa eserleri barada gürrüň berip, öz döredijiligine täsir eden, türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmakda mynasyp goşant goşan halypa we döwürdeş şahyrlaryny, söz ussatlaryny ýatlap geçdi. Söz sungatynyň muşdaklary bolan talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara halypa şahyrdan degerli jogaplary aldylar. Halypa şahyr döredijilige gadam basan ýaşlara onuň inçe syrlary, çeper söze erk etmegiň tärleri barada birnäçe gymmatly maslahatlaryny berdi.

Soňra döredijilik duşuşygynda Maru-Şahu-Jahan gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Bahargül Mejidowa çykyş edip, alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň milli medeniýeti, mirasy barada baý maglumatlaryň beýan edilendigini, bu gymmatly eserleriň ýaş nesilleriň gözýetiminiň giňemegine oňyn täsir edýändigini bellediler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmekleri, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilýändigi dogrusyndaky täsirli gürrüňleri, duşuşyga gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi. Döredijilik duşuşygyna gatnaşan halypalar, talyp ýaşlar halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin halypa-şägirtlik ýolunda mekdep bolup durýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Merjen ADAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň Energo-tehnologiýa

fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI