Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuşy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny berkitmek baradaky paýhasly özgertmeler ajaýyp miwesini berýär. Ýurdumyzda ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. „Sagdyn bedende- sagdyn ruh“ diýen pähime eýerýän bagtyýar halkymyz ruhy hem-de beden kämilliginiň nusgasyny görkezýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik göreldesine eýerýär, sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý edýär.
Saglyk- her bir ynsanyň başynyň altyn täjidir. Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jemgyýetimize ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy maksady nesil saglygyny gazanmakdan we goramakdan, ýaşlarymyzy sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Hawa, saglygy gorap saklamak her bir adamyň mukaddes borjudyr. Çünki sagdyn adamlar – sagdyn jemgyýeti kemala getirýär.
Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasy bilen Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bedenterbiýäni we sporty hil taýdan täze basgançaklara galdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de halkymyzy sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek ýaly işleriniň giň gerim almagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy aýratyn hem ýaşlary beden taýdan gujurly we gaýratly, ruhy taýdan gözel we güýçli edýär, olary beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şol sebäpden hem ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegine gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň 7-sine Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly bellenilmegi hem, bu aýdylanlary aýdyňlygy bilen mälim edýär.
Şugün, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň Mary welaýatymyzda hem uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Uly joşgun we ruhubelentlikde guralan bu baýramçylyk çäresine biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzalary bolup işjeň gatnaşdyk. Bu ýerde, sagdynlygyň gözbaşy bolan welosiped sportuna ýagny, welosiped ýörişine aýratyn ähmiýet berilendigini bellemek bolsa, has hem ýakymlydyr.
Welosipedli ýöriş, Mary şäheriniň kemine köçesinden badalga alyp, ol ýerde aýdym-sazly çykyşlara, ajaýyp tanslara, sport görkezmeleridir, maşklaryna giň orun berildi. Şeýle täsirli we joşgunly çykyşlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň we Baş Baýdagyň, Bagtyýarlyk seýilgähiň öňünde hem ýerine ýetirildi. Ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konsertleri welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda şatlyk duýgusyny döretdi. Aýdym-sazly ýörişiň barşynda bolsa, sport görkezmelerine-de uly orun berildi. Mary welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlanan welosipedli ýöriş hemmeler üçin, aýratyn hem biz ýaşlar üçin diýseň täsirli boldy.
Mahlasy, şeýle ähmiýetli guralýan her bir çäreler ýaşlarda ruhubelentlik we dostluk duýgusyny terbiýeleýär, sagdyn ýaşaýşa gönükdirýär.
Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli ynsanlar bolup ýetişmekleri babatda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.