Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän “Arkadag şäheri” şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr.
“Arkadag” adyny buýsanç bilen göterýän täze şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan we onuň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görülýän häzirki günlerde hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen resminamalara laýyklykda, “Arkadag” teleýaýlymy, “Arkadag” gazeti hem-de “Arkadag” futbol topary döredildi.
Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen, ol şu ýylyň 24-nji martyndan güýje girizildi.
Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesi berildi. Bellenilişi ýaly, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň ilkinji aýlarynda Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleri hem gelip gördüler. Şunda şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Şoňa görä-de, şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet berler.
Ýakynda Arkadag şäherinde ýaşlar üçin dörediljek mümkinçilikleri, göz öňünde tutulýan ýeňillikleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen institutymyzyň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri-ýaşlar şäheri” ady bilen aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatda “Maru-Şahu Jahan” welaýat gazetiniň bölüm redaktory Sülgün Şadyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, institutyň mugallymlary Maral Agaýewa, Kerwen Berdiliýew hem-de 4-nji ýyl talyby Kuwwatgeldi Çaryýew dagylar çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar hakdaky aladanyň ilkinji nobatda durýandygynyň ýene-de bir aýdyň alamatyna öwrülen taryhy wakanyň ýagny, Arkadag şäherinde alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna aýratyn üns berilmegi, ýaşlary täze maksatlara, halal hem tutanýerli zähmetleri bilen gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýandygy barada buýsançly bellediler. Soňra dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň talyp ýaşlary eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bägül AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.