“NAZARY MEHANIKA DERSI BOÝUNÇA II AÇYK HALKARA INTERNET OLIMPIADASY” ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Arkadagly Serdarymyzyň eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda, halkyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak babatda alyp barýan ýurt bähbitli syýasatlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek-de biz ýaşlaryň boýnunda örän uly jogapkärçilik durýar. Watanymyzyň söýesi bolan ylymly, bilimli, hünärli, zähmetsöýer ýaşlar onuň ýagty geljegi üçin zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Nazary mehanika dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirilip, oňa ýurdumyzyň we 16 sany daşary ýurtlaryň jemi 75 sany ýokary okuw mekdebinden 479 sany talyplaryň gatnaşýanlygy hasaba alyndy. Geljekki ezber inženerleriň – talyp ýaşlaryň güýç synanyşan bu bäsleşigi, 2 tapgyrda geçirildi. Institutymyzyň https://tdei.edu.tm/baslesik saýtynda degişli döwürlerde bäsleşigiň düzgünnamasy, hasaba alnan gatnaşyjylaryň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň sanawy, hödürlenen ýumuşlar, olaryň çözüwleri we bahalandyrmagyň shemasy, ýeňijileriň sanawy degişli döwürlerde ýerleşdirildi.

Şahsy bäsleşikde-de, toparlaýyn bäsleşikde-de Moskwanyň fiziki tehniki institutynyň talyplary iň ýokary netijäni görkezdi. Olaryň yzyndan  ädimme-ädim ýetip gelýän Türkmenistanly talyplarymyzyň görkezen ýokary netijesi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şahsy bäsleşikde Diýarymyzyň talyplary ençeme baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmäge mynasyp ylym-bilim kuwwatynyň bardygyny subut etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň gowy netije görkezmegi, Hytaýyň Demirgazyk – günbatar politehniki uniwersitetiniň, Sian Jiatoň uniwersitetiniň, Sianyň binagärlik we gurluşyk uniwersitetiniň, Bauman adyndaky Moskwanyň döwlet tehniki uniwersitetiniň talyplary sanawyň başyny çekdiler. Toparlaýyn bäsleşikde onyň netije görkezen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlarda Türkmenistanyň adynyň ençeme gezek ýazylmagyna sebäp boldular. Şu buýsançly waka mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda maslahat duşuşygy geçirildi. Geçirilen maslahat duşuşygy talyplarda ýakymly täsir galdyrdy.

Mahlasy, şatlyk şowhuna beslenen bu bäsleşik talyplarda ýakymly duýgulary galdyrdy. Pursatdan peýdalanyp, bu bäsleşikde ýeňiji bolan oglan-gyzlary üstünlikleri bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Ýeneki bäsleşiklerde-de uly-uly üstünlikleri arzuw edýärin. Ýurdumyzyň ýagty geljegi üçin dyngysyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara ýar bolsun!

 

Şatlyk AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň mugallymy,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI