Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesilleri kemala getirmäge gönükdirilýär. Ýaş nesilleriň gündelik durmuşyna sport bilen meşgullanmak endikleriniň ornaşmagy olaryň wagtlaryny peýdaly geçirmäge gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklyga döredip berýän giň mümkinçilikleri ýaşlaryň sport söýüjiligini artdyrýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan döwrebap sport maksatly binalardyr, türgenleşik merkezleri ýurdumyzyň ilatynyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna şert döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany barha artyp, olar döwrebap sport mekdeplerinde we sport desgalarynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Ýurdumyzda bina edilen sport desgalarynda we toplumlarynda yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Guralýan giň gerimli sport ýaryşlary bolsa, ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle sport ýaryşlarynyň kömegi bilen ýaşlarda sagdyn bedeni taplamak bilen birlikde, olaryň arasyndan ýokary derejeli sport ukyby bolan türgenleri ýüze çykarmak hem göz öňüne tutulýar. Şeýle işjeň ýagdaý biziň etrabymyzda-da giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda, 2007-2008-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça Baýramaly şäherinde welaýatyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde Garagum etrap sport mekdebiniň tälimçisi Rahman Berdiýewiň tälim berýän ýaş basketbolçy türgenleri üçünji orny eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan ýaş basketbolçy türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Ýaş nesliň dürli ugurlarda zehin başarnygyny ýüze çykarmaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri