Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky görlüp-eşdilmedik ösüşleri gazanyp belent derejelere ýetdi. Türkmen ili bagtyýar il. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir işde ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmek,her bir adamyň mertebisini beýgeltmek hem-de onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky alada öz beýanyny tapýar. Netijede, ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz indi ykdysady taýdan ýokary derejede ösýän, syýasy taýdan durnukly, parahatsöýüjilikli ýurt hökmünde dünýä özüni tanatdy. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek üçin has amatly şertleri döretmek zerur bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny durmuşa geçirilip, “ Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýerlerde üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýetimli, medeniýetiň, jemgyýetçilik durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan ýaş raýatlary terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan ýerlerde yzygiderlilikde dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Ýakynda, hut şu maksatlardan ugur alnyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşleriniň, welaýat kitaphanasy hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar geljegimiziň berk binýady” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher etrap Geňeşleriniň işgärleri, talyplar, il sylagly ýaşulular kümüş saçly eneler, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary A.Gurbanow, Mary şäher Geňeşiniň başlygy R.Baýramow, Mary şäheriniň ýaşaýjysy il sylagly ýaşuly Ý.Durdyýew, Mary şäheriniň ýaşaýjysy mährem ene G.Öwezowa, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary A.Arazmedowa, A.Agaýewa dagylar çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda halkyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaş raýatlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada aýdyp, ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada buýsanç bilen çykyşlarynda beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun hem-de döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA ,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni