Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda uly ösüşler gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar. Türkmen halkynyň aýratyn-da ýaşlaryň ýokary derejede ýaşamaklary üçin uly şertler döredilýär. Ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň biri-de häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän “Arkadag şäheridir”. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda “Arkadag şäheri hakynda” täze Kanun kabul edilip, oňa laýyklykda Köpetdagyň eteginde kemala gelýän bu şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berildi. Ýurdumyzyň tejribesinde ilkinji “akylly” şäher bolup taryha girjek “Arkadag şäheri” Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini açyp görkezýän şäher hökmünde dünýä ýüzüne äşgär bolar. Döwlet ähmiýetli bu şäheriň halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar ediljekdigine-de şek-şübhe ýokdur.
Şu nukdaýnazardan, ýakynda Arkadag şäheriň binagärlik aýratynlyklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri-bagtly ýaşlarymyzyň ömür çyragy’’ ady bilen etrap medeniýet bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni M.Täçmuhammedow, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow hem-de etrap Zenanlar guramasynyň başlygy G.Jommanowa dagylar çykyş etdiler. Ýygnaga gatnaşanlar Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary barada giňişleýin belläp, bu şäheriň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan ýaşlar bellenilip, şäherde işlejek hünärmenler, ýaşajak ilatyň esasan ýaşlardan ybarat boljakdygyny buýsanç bilen çykyş etdiler. Şeýlelikde bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewiligi, ýurdumyzyň okgunly we abadan gülläp ösüşi öz beýanyny tapjakdygy şübhesizdir diýip, çykyşlarynyň dowamynda bellediler.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar çykyşlarynyň soňunda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maral SEÝITJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.