Ata-ene hakynda buýsançly jümleler, ilki bilen, ynsanyň öz aslyna bolan buýsanjydyr we olary hormatlamagy nygtamagydyr. Aslyny sarpalamak we olaryň mertebesini goramak kämil şahsyýetiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ene! Bary-ýogy üç harpdan ybarat bu mukaddes sözde, gör näçe mähir-muhabbet, näçe keramat bar. Bütin adamzat bu belent mertebeli sözi götermäge mynasyp zenanyň-Enäniň öňünde baş egýär. Çünki biziň her birimiz onuň mährem ýüreginden, gursagyndan syzylyp çykýan ak süýdünden, mährinden ganyp kemala gelýäris. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda enelerimize bolsa uly hormat goýulýar.
Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup, enelerimizi sarpalamak, olary hormatlamak, ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy öwrenmek we olaryň gürrüň berýän täsirli gürrüňleri bilen içgin tanyş bolmagy maksat edinip, etrabymyzyň çäginde ýaşaýan, hat-da uzak ýaşy arka atan nurana enelerimiziň arasynda bolup, olar bilen yzygiderlilikde söhbetdeş bolýarys. Şeýle söhbetdeşlik duşuşygynyň biri hem, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň Ýokary suhty geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaşy 99-dan agan Oguldurdy Ýazjumaýewanyň mährem ojagynda geçirildi.
Oguldurdy ene durmuş mekdebiniň halypasy hökmünde ýyllaryň tereň-tereň sahypalaryndan orun alan gürrüňlerini diňledigiň saýy diňläsiň gelýär. Ol ene perzentlerini kemala getirmek, olary il hataryna goşmak üçin bütin ömrüni bagyş eden, diňe bir öz ogul-gyzlarynyň däl, eýsem, agtyk, çowluklaryna-da akylly- başly, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny, gaýratyny gaýgyrmady.
Oguldurdy ene bilen içgin söhbetdeş bolanymyzda, “1 ogul, 1 gyzy dünýä berip, durmuşymy olaryň terbiýesine bagyş etdim. Her biriniň geljekde edep-terbiýeli, asylly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda alada etdim. Şükür, indi olaryň hersi bir döwletli ojagyň eýesi bolup otyrlar “ diýip belledi. Hawa, ýanýoldaşy Ýazjuma aga bilen janly taryha öwrülen mähriban enäniň guran halal ojagynda, tüweleme, bularyň nesil dowamaty pür-pudak ýaýrapdyr. Ähli perzentlerini gözli-başly eden Oguldurdy enäniň 24 sany agtygy, 41 sany çowlugy bar. Bagtyýar ene olaryň ählisini alkyşy, doga-dilegleri, ýagşy arzuwlary bilen penalap oturmak bilen, ýuwluk, gowluk hem görmegiň arzuwynda. Ogul-gyzlary, agtyk-çowluklary mähriban enäniň göz-guwanjy. Diňe bir olar däl, ähli dogan-garyndaşlary hem bu mähriban enä haýsydyr bir ýagşy işiň başyny tutjak bolsalar sala salyp, uzak ýola gidenlerinde ýa-da ogul-gyzlaryny durmuş ýoluna ugradanlarynda, hemişe onuň ak patasyny alýarlar.
Oguldurdy ene ýaş döwründe aýal gyzlarymyza mahsus bolan el işlerinden, don bejermek, ýaka etmek, keçe ýüwürmek, ýüň daramak ýaly işleriniň bir näçesini edipdirdir. Maşgala bolmak, öý tutmak, nesil öndürmek ynsan ömrüniň iň bagtly pursatlarydyr.
Bir söz bilen aýdanymyzda, maşgala- mukaddeslikdir. Maşgala durmuşyny sagdyn alyp barmak bagtly durmuşa ýetirýär. Her bir sagdyn maşgala döwletimiziň gymmatly baýlygydyr. Türkmen geçmişde hem zenanlaryna hormat goýan halk, emma häzirki zenanlar iň bir bagtyýar, ellerinde ygtyýar, arkaýyn ýaşamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge şert döredilen zenanlar. Dünýäniň hemme ýerinde-de zenan mertebesi belende galdyrylandyr, ýöne biziň jennet mekanymyzda zenan mertebesi has ýokarydyr. Sebäbi ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy,alyp barýan oňyn özgertmeleri durýar.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.