Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýeti we sungaty barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň dünýädäki abraý mertebesiniň barha beýgelmegine ynsan kowmunyň bäş müň ýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän gadymy şäherlerimiziň, medeni ýadygärliklerimiziň aýratyn orny bardyr. Dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň, jahankeşdeleriniň geçmiş-taryhymyza, medeniýetimize, gadymy we tebigy ýadygärliklerimize bolan gyzyklanmasy soňky döwürlerde has-da artýar.
Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalarymyzdan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has giň gerime eýedir. Hakykatdan hem, türkmen halkynyň köki geçmişiň müňýyllyklarynyň gatlaryna siňip gidýän örän baý we gadymy taryhy bar. Adamzat taryhynyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň döremeginde, halklaryň medeni-ylmy gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alşyp-çalşylmagynda dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkyna, Jeýtun, Marguş, Dehistan we Ürgenç siwilizasiýalarynyň dörän Diýaryna-Türkmenistana uly orun degişlidir.
Şeýlelikde, gadymy we taryhy, medeni ýadygärliklerimize syýahat edenimizde özüňi gyzyklandyrýan taryhy sowallara degerli jogap tapyp bolýar. Bu bolsa watansöýüjilik ruhy bilen ýaşaýan ýaşlara has uly täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 14–nji bendi hem ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde özüniň täsirini ýetirýär. Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumyna edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň,orta hünär we tehniki hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda gezelenç çäresini yzygiderlilikde gurnaýarys. Şeýle gezelençleriň biri hem, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda geçirildi. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 14–nji bendinden ugur alyp, ýaş nesilleriň milli däp-dessurlarymyza, taryhy ýadygärliklerimize, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini artdyrmak we şöhratly geçmişimize hormat goýýan watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen geçirilen gezelenç “Taryhy ýadygärliklere gezelenjiň- ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti” diýip atlandyryldy.
Bu ajaýyp gezelenç duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap we Mary şäher Geňeşleriniň işgärleri, Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi, “Soltan-Sanjaryň” hümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň döreýişi, taryhy aýratynlyklary hem-de ýurdumyzda ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumatlar bilen tanyş boldular. Bu geçirilen gezelenç duşuşygy bahar paslynyň nurana günlerinde geçirilmegi hem bagtyýar ýaşlaryň ýadyndan çykmajak ajaýyp pursatlarynyň birine öwrüldi. Duşuşyga gatnaşan bagtyýar ýaşlar milli taryhymyzy giňden öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.