Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen buýsançly şygary, hormatly Prezidentimiziň: “Döwlet, diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi ýurdumyzy barha öňe, uly ösüşlere alyp barýar. Belent maksatlar we döwletli başlangyçlar bilen aýdyň geljegi nazarlap öňe barýan eziz Diýarymyz bagtyýar ýaşlygyň ýurduna öwrülýär. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginiň özi hem, ýurdumyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan türkmen ýaşlaryna ýurt derejesinde berilýän ünsüň, bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Dowam bolsun!” atly ajaýyp goşgusynda: “Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl-täze sahypasy” diýip belleýär. Uly ruhubelentlik gadam basan 2023-nji ýylymyzyň hem düýp mazmunyny ýaşlar düzýär.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli, ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan beýik tutumlary, durmuşa geçirilýän işleri we beýik ösüşleri halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Türkmengala etrabynyň döwrebap Medeniýet öýünde “Ýaşlaryň howandary Arkadagly Serdarymyz” ady bilen aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen maslahata Ýaşlar guramasynyň işgärleri, etrabyň edara-kärhanalrynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, mährem eneler we il sylagly ýaşulular we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we işjeň agzalary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Agaýew, Türkmengala etrap bilim bölüminiň başlygy Begmyrat Akmämmedow, Türkmengala etrap medeniýet öýüniň işgäri Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Läle Saryýewa, Türkmengala etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewa dagylar çykyş etdiler.
Çykyş eden myhmanlar Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, olaryň mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýändigi we döwletimizde alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýandygyny aýratyn bellediler. Netijede, 2023-nji ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy we bu şygaryň ähli türkmen ýaşlaryny has tutanýerli zähmet çekmäge hem-de ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy barada buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Mähri GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň guramaçylyk
Bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.