Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Watan diñe halky bilen Watandyr!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyñ saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyñ uzak geljegi nazarlaýan täze başlangyçlary esasynda bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Döwrüň talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hat-da iň alys künjeklerinde-de guruldy we gurulýar. Munuň özi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini gönüden-göni ýerinde bermäge mümkinçilik döredip, adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär. Bularyň ählisi soňky ýyllarda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Uly ösüşlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ” 15-nji martynda gözel paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň - Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda badalga berildi. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyñ subutnamasydyr.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ” ajaýyp günlerinde döwrebap lukmançylyk desgalarynyñ birbada 3-siniñ düýbüniñ tutulmagy mynasybetli institutymyzyñ mejlisler zalynda halypa professor mugallymlarynyñ, talyp ýaşlaryñ gatnaşmagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi- ýaş nesillere görelde” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyñ durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýandygy hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýakyn wagtda täze guruljak lukmançylyk desgalarynda halkymyza ediljek saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesiniñ ýokarlanmagy, dürli keselleriň öňüni almakda dörediljek mümkinçilikler barada buýsanç bilen bellediler.
Gahryman Arkadagymyz: “Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda hemişe alada edýär. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň binýadydyr. Biziň her birimiziň saglyga degişli ýönekeý talaplary we barlaglary berjaý etmegimiz zerurdyr. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr.” diýip, bellemek bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri berjaý edilende, raýatlarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak boljakdygyna uly ynam bildirýär.
Kuwwatgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
Institutynyñ 4-nji ýyl talyby,
TMÝG-niñ işjeñ agzasy.