“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan bu ajaýyp ýylymyzda il-günümiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli zähmet çekip, päk zähmetiň hözirini görüp ýaşaýar. Arkadagly Serdarymyz jemgyýetimiziň sagdyn, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär. Türkmenistan döwletimizde her bir tutulýan maksatnamalardyr meýilnamalaryň, toý-baýramlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy ruhy babatda öňe gidişikleriň gazanylmagyna Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine oňaýly şertler döredýär. Türkmen tebigatynyň gülläp, joş urýan çagynda döwlet derejesinde dabaraly bellenýän Milli bahar baýramy hem iň ajaýyp şanly seneleriň biridir.
Bahar paslynda tebigat janlanyp, ene topraga güneşiň ýyly çogy siňenden soň, edermen babadaýhanlarymyz uly umyt bilen täze hasylyň aladasyna girişýär. Ata-babalarymyzyň asylly däplerine wepaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyz hem bu döwürde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda, täze hasylyň düýbüni tutmakda uly işler bitirýärler. Milli bahar baýramynyň gelmegi diňe bir daýhanlarymyza badalga bolman, eýsem ol ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda halal, tutanýerli, joşgunly zähmet çekýän watandaşlarymyzy belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzyň taryhyny ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi-mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr.
Goý, tebigatdaky we jemgyýetdäki bu sazlaşyk gözellige hem dostluga dowamat bersin! Goý, milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga esaslanýan kämil hem-de ruhy ýörelgäniň kemala gelmegi we has-da rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Döwlet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.