Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz dünýäde iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanylýar. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.Munuň özi dünýäni al-elwan güllere besleýän Nowruzyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Nowruz baýramy dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde şatlyk-şowhun, aýdym-saz bilen giňden bellenilýär.
Nowruz gününiň ir säheri iň bagtly, şowly pursat hasaplanypdyr. Nowruz gününde ýere suw sepmek we birek-birege sowgat bermek däbi bolupdyr. Halkara Nowruz gününiň gyzykly däpleri ylmy taýdan çuňňur öwrenilýär, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli baýramy- Halkara Nowruz güni bilen baglanşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýar. Dessanlarda, monjugatdylarda Nowruzyň waspy ýetirilipdir. Ýetginjekler bu baýramda at çapypdyrlar, göreş tutupdyrlar. Agşamlaryna ot ýakyp, “Ak süňk” oýnuny oýnapdyrlar. Uly-kiçi bir-birlerine gowy arzuwlar edipdirler. Bu baýram täze günüň, ýylyň, durmuşyň we ösüşiň baýramydyr.Nowruz beýleki baýramlardan tapawutlylykda topragyň, tebigatyň baýramydyr.
Hawa, Nowruzyň gelmegi bahar paslynyň gelmegidir. Baharda güller açylyp, bilbiller saýraşýar. Adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan Nowruz baýramy-köňülleri joşdurýan, göwünleri wysala ýetirýän, päkizeleýän, gözelleşdirýän, agzybirlige çagyrýan, rysgal-bolçulyk eçilýän güýje eýedir. Ol diriligiň we agzybirlige çagyrýan, rysgal-bolçulyk eçilýän güýje eýedir. Nowruz baýramynda halkymyz üýtgeşik datly tagamlary, ilki bilen semeni bişiripdirler. Semeni bişirmek dessurynyň müňlerçe ýyllyk taryhy bolup, ol baýramçylyk saçagyny bezegidir.
Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz güni biziň ýurdumyzda iň bir dabaraly baýramlaryň biridir. Bahar paslynyň hoştap howaly döwri- ýaşaýşyň nyşany, tebigatyň janlanýan döwri. Ýer ýüzündäki ähli dirilige dirilik, ruha ruh goşýan ýaz pasly uly toý-dabara bilen garşylanýar. Adamlar Nowruz baýramynda gowy geýnip, gezelençlere çykýarlar. Naz-nygmatlar bişirilip, birek-birege hödür-kerem edýärler.
Baharyň ajaýyp pursatlarynda bellenilýän Halkara Nowruz gününde-Milli bahar baýramy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly biziň etrabymyzda hem uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Etrabyň medeniýet bölüminiň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan folklor çykyşlaryň, üme dessurlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň ýaýbaňlandyrylmagy döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan ýagşy dessurlaryň döwrebap ruhda ösdürilýändigini aňladýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, Milli bahar baýramynda- Nowruz gününde däp-dessurlarymyzyň iň naýbaşylary berjaý edilip, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýram göwünlere şatlyk paýlaýan baýram.
Milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga esaslanýan kämil hem-de ruhy ýörelgäniň kemala gelmegi we has-da rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
Bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy
hünärmeni.