ZEMINIŇ ÜSTÜNE NAGYŞLAR ÇEKDI, AJAP KEŞBE GIRIP NOWRUZYM GELDI

Türkmen topragy sahawatly, hasylly toprak. Türkmen topragyna ýazyň gelişem üýtgeşik. Guşlaryň baharyň gelşini buşlaýan mahmal owazy gulaga ýakymly degýär, ýazyň mymyjak şemaly ýüzüňi ýelpände nepesiň durlanyp ruhuň beýgelýär. Pasyllaryň soltany ýaz pasly Zemini görke getirdi. Bahar pasly mukam deý joşup, Zemine gök lybasyny ýapdy. Daş-töwerek gül-gülälege bürenip, tebigat ýaz owazyna hüwdülenip dur. Ot-çöpleriň, gül-gülälegiň ter ysyndan ynsan kalby joşa gelýär. Daş-töwerek täze günüň-Nowruzyň howasyndan dem alýar.

Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen Türkmenistan Diýarymyzda toýlar yzly-yzyna gelýär. Şeýle baýramçylyklaryň naýbaşylarynyň biri-de türkmeniň Nowruz baýramydyr. Nowruz baýramyň gelmegi bilen ene toprak janlanýar. Arly gyş dynç alan ene ýer gül-gülälege bürenýär. Ata-babalarymyz gadymdan bäri Nowruzyň gelmegi mynasybetli baýramçylygy uludan tutupdyrlar.

Hawa, Nowruz baýramy bize gadymyýetden gelip ýeten baýramlaryň biri. Ol biziň ýurdumyza heniz yslam dini gelmezden has öň, türkmenleriň otparazlyk dinine uýýan döwürlerinde-de bellenipdir. Bu baýramçylygy, esasanda, Eýranyň, Owganystanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi Aziýanyň, Gazagystanyň we Zakawkazýäniň halklary her ýylyň Mart aýynyň 21-22-de bahar baýramy hökmünde belläp geçýärler. Biziň ýurdumyzda bu baýramçylygy bütin ХХ asyryň dowamynda, tä Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli resmi taýdan bellemeklik gadagan edilip gelinipdi.

Nowruz baýramçylygynyň gelip çykyşyna göz aýlasak, onda oňa bäş müň ýyldan hem köprak wagt bolupdyr diýip taryhy çeşmelerde bellenilýär. Aslynda Nowruz sözi pars sözi bolup, ol “now-täze”, “ruz-gün”, ýagny täze gün, täze ýyl manyny berýär. Mart aýynyň 21-inde gije bilen gündiziň ýazky deňleşmesi bolup geçýär.

Nowruz baýramçylygyna degişli ilkinji ýazgylar gündogaryň beýik alymy Omar Haýýamyň “Nowruznama” işinde berlipdir. Onda zoroastrizm dininden başlap, tä biziň eýýamymyzyň Х asyryna çenli döwürde Nowruz baýramçylygynyň bellenip geçilişi barada gürrüň berilýär. Omar Haýýam seljuklaryň şöhratly soltany Mälik şanyň ýörite tabşyrygy boýunça gün kalendaryny düzüpdir, şol düzülen kalendarda belli alym täze ýylyň başlangyjyny esas edinip Nowruz aýynyň 21-ni alypdyr.

Gündogaryň ýene bir beýik alymy Abu Reýhan Biruniniň (Х asyr) “Gadymy halklardan galan ýadygärlikler” diýen eserinde hem Nowruz baýramy hakynda söhbet açylýar. Seljuklar döwrüniň görnükli alymy we döwlet işgäri, seljuk soltanlary Alp Arslanyň we Mälik şanyň köşgünde 30 ýyl wezirlik eden Nyzam al-Mülk öz meşhur “Syýasatnama” eserinde türki halklaryň arasynda Täze ýyl dabarasynyň örän ýörgünlidigini ýatlap geçipdir.

Osmanly türkmen döwletiniň patyşalary hem Nowruza aýratyn uly üns berer ekenler. Nowruz günleri patyşalar üçin ýörite hatlar ýazylyp, hökümdarlara gutlag iberilipdir. Şeýle hem Nowruz günlerinde münejjim täze senenamany Osmanly patyşasyna berende, şol wagt hökümdar tarapyndan münejjimbaşa berilýän sowgat pula-da “Newruziýe paýy” diýlipdir.Şol gün köşk hökümdarlary tarapyndan dürli otlardan taýýarlanylýan Newruze atly tagamlar patyşanyň maşgalasyna hödür edilipdir.

Nowruzyň taryhylygyny görkezýän alamatlaryň biri-de “now” sözüniň köp halklarda duşýanlygydyr. Mysal üçin, “now” latynça “neo”, grekçe “nea”, Türkmençe bolsa täze manylary beripdir. Şeýle-de “now” geografiki atlarda-da kän gabat gelýär. Nowruz baýramyny türkmenler mukaddes hasap edipdirler, ony beýik akyldarlarymyz taryplapdyrlar, şahyrlarymyz bolsa öz eserlerinde, goşgularynda wasp edipdirler. Ýokarda belleýşimiz ýaly Omar Haýýam, Abu Reýhan Biruni, Nesimi, Abdurahman Jamy, Magtymguly Şabende ýaly nusgawy şahyrlar Nowruzy özboluşly taryplapdyrlar. Görnükli şahyr Abdyrahman Jamy /1414-1492/ özüniň hekaýalarynyň birinde Soltan Sanjaryň baý döwletiniň bardygyny, soltanyň jomartlygyny wasp edipdir.

Ol:

Bahar buludy dek onuň elleri,

Dünýäniň üstüne dökýär düri-

diýse, goşgynyň ýene bir ýerinde;

Duýmaryn aýazy galkynar göwnüm,

Meger, ýaza döner meniň gyş günüm-

diýip, şeýle sahabatly soltanly baý döwletde ýaşaýan adamlaryň gyş gününiň hem bahar günleri ýaly bolýandygyny ýazypdyr.Ol bahar aýyny pasyllaryň soltany hasaplapdyr. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlarynda:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda.

diýip, Mart aýynda meýdanlygyň lälezarlyga öwrülýändigini öwüşgünli suratlandyryp, bahary wasp edipdir.

Şabende şahyrymyz bolsa, “ Geldi Nowruz, jümle älem gülüstandyr bu gün” diýip, Nowruzyň jümle- jahany bir geňsi görnüşe getirýändigini ýazypdyr.

Geçmişde türkmenler Nowruz baýramçylygyna ýörite taýýarlyk görüpdirler, adamlar täze egin-eşik edinipdirler. Nowruz baýramçylygynda türkmeniň saçagy süýji, şirin-şeker nygmatlar bilen bezelipdir. Maglumatlara görä, türkmenleriň Nowruz saçagynda 7-i dürli tagam goýlupdyr. Ýagny semene, süýtli aş, şüle, mäş, köje, ýarma ýaly tagamlar taýýarlanypdyr. Semene tagamlaryň üýtgeşik bir görnüşi bolup, ol rowaýata görä Muhammet Pygamberiň aýaly Äşäniň we gyzy Bibi Patmanyň Nowruzda taýýarlan tagamy bolupdyr semeneden içmek sogap hasap edilýär.

Mahlasy, Nowruz baýramy her bir milletiň öz medeniýeti bilen birleşip, utgaşan aýratyn bir gündür. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandaky her bir baýram türkmen halkyny ruhlandyrýar, buýsandyrýar.

Goý, her bir ojakda toý bolsun! Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Täçnabat ARRYKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Murgap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI