Biziň her bir sözümiz, Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Serdarymyzdan başlanýar. Sebäbi, Watanyň beýikligi şahsyýetine, şahsyýetleriň beýikligi bolsa, Watanyna baglydyr. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň: «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen buýsançly şygary, hormatly Prezidentimiziň:s «Döwlet, diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi bilen ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ösüşiň ajaýyp ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär.
Hakykatdan hem, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly üstünliklerden, şanly wakalardan doly. Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetiniň, hukuk döwletiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlarynyň ösüşiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça hukuk özgertmelerini amala aşyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde milli Kanunçylyk binýady iň gowy milli däpleri we hoşniýetli ýörelgeleri özünde jemleýär. Bu özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny giňeltmek we hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur bolan şertler döredýär.
Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz örän gysga döwürde umumadamzat ösüşiniň gözýetmez ummanyna goşuldy. Her bir raýatyň durmuş-syýasy işjeňligi ýokarlanyp, olaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaklary üçin saýlawlylyk, açyklyk, kanunylyk we deňlik ýörelgeleriniň binýady berkidildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi hem ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň hukuk esaslaryny düzýär. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, saýlaw okruglaryny, uçastoklaryny, toparlaryny döretmek we olaryň işini guramak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, wagyz işlerini geçirmek, ses bermegi guramak hem-de jemini jemlemek, şeýle hem saýlawlary geçirmekde sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça saýlawlaryň ähli amallarynyň bir bitewüligi döredilýär. Asylly däbe görä, saýlaw güni medeni çäreleriň guralmagy, il sylagly ýaşululara we ilkinji gezek saýlawlara gatnaşyp ses berýän ýaş raýatlara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa, saýlawlara milli toý öwüşgini aýratyn çaýýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öň ýanyndaky wagyz işleri dowam edýär. Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek, ýaşlaryň saýlawlara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olaryň syýasy-durmuş gözýetimini giňeltmek, hukuk-syýasy düşünjesini, saýlaw ulgamynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerini yzygiderlilikde geçirýäris. Geçirilýän çäreleriň üsti bilen, ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde gazanylýan saýlaw möwsüminiň rowaçlyklary hukuk hem-de tejribe nukdaýnazaryndan milli döwletliligiň, halk demokratiýasynyň nusgalyk keşbini şöhlelendirýändigi dogrusynda giňişleýin maglumatlar ýetirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda ýene bir ýola demokratik ösüşleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr!
Şeýle ajaýyp pursatda, «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini özlerine hemra edinen, ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalby buýsançdan, egsilmez alkyşdan doly. Ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanmagy, halk wekilçiliginiň döwrebap şertlerde ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.