“WATANA GULLUK ETMEK BELENT BORÇDUR” ADY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA

Ata-babalarymyzyň “Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar” diýişleri ýaly, diňe Watan adama “dagdan arka” bolup, “daşdan ýüregi” ýagny, belent ruhy, beýikligi bagyş edip biler. Bagtyň we bagtyýar ýaşaýşyň özeninde bolsa, ilki bilen, şu häsiýetler durýan bolsa gerek! Bu günki gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda eşretiň we bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan türkmen halky, öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. Ol öz berkarar döwletiniň saýasynda bagtly ömür sürýär. Bu bagtdan paýly bolan, ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Sebäbi şugünki ýaşlar baradaky alada biziň röwşen geljegimiziň kepili bolup durýar. Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzyň çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, Mary welaýat myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Mary welaýatynyň Gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda “Watana gulluk etmek belent borçdur” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, ýaşuly wekiller hem-de Mary welaýatynyň Gümrük gullugynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş etdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň uly buhgalteri M.Hezretow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni M.Hanow, Mary welaýatynyň Gümrük gullugynyň gullukçysy podpolkownik T.Gurbanlyýew, Mary şäher zenanlar guramasynyň agzasy G.Öwezowa hem-de Mary şäheriniň ýaşuly nesliniň wekili Ý.Durdyýew dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakynda edýän aladalaryna esaslanyp, ýaşlarymyzyň boş wagtlaryny peýdaly ulanmaklaryny, sport bilen meşgullanmaklaryny, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, ýaşlaryň tertipli bolmaklaryny, giň dünýä garaýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini hem-de her bir aýdylýan zatdan dogry netije çykarmagy, adalatly, ynsanperwer, maksada okgunly, ruhubelent ýaşlar bolmalydyklaryny nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çagyrylan myhmanlar “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir” diýip asylly maksada gulluk edýän, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän, ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI