GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÝAŞLARA GUTLAG” ESERI - BAGTYÝARLYK JOŞGUNY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly, şahyrana kalby, ajaýyp duýguly dünýäsi bar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri giň okyjylar köpçüligini, şol sanda, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň geljegi bolan ýaşlary begendirýär, kalplarynda bolsa, ýurdumyza we abadan durmuşymyza, bagtyýar ýaşaýşymyza bolan söýgi döredýär. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyna degişli eserleriniň her biri, şol sanda goşgulary giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar, dilleriň senasyna, köňülleriň aýdymyna öwrülýär. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň bada-bat aýdyma öwrülýän ajaýyp şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň söz sungatyna aýratyn sarpa goýýan halkymyza gowşan “Ýaşlara gutlag” atly ajaýyp şygry hem şeýle eserleriniň biri boldy.

Hawa, halkymyzyň şol sanda, ýaşlaryň köňül töründe bada-bat orun alan, ýakymly täsir galdyran bu eser hormatly Arkadagymyzyň kalbynyň hemişe joşgunlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. “Ýaşlara gutlag” atly bu ajaýyp goşgynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýazylmagynda-da, serpaý edilmeginde-de uly many bar.

Hut şu nukdaýnazardan, şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna sowgat eden “Ýaşlara gutlag” atly goşgy eserine bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen bu dabaraly maslahat “Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” eseri- bagtyýarlyk joşgunyady bilen geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly geçirilen maslahatda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar özleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, şol sanda nurana duýgularyň joşgunly beýany bolan “Ýaşlara gutlag” atly bu ajaýyp goşgusynyň ähmiýeti dogrusynda giňden durup geçdiler. Şonda bu goşguda öňe sürülýän we ündelýän pikirleriň, onuň tutuş mazmunynyň türkmen ýaşlaryna ajaýyp öwüt- ündewdigi, ak patadygy nygtaldy. Maslahatyň dowamynda häzirki wagtda halkymyzyň kalby Watana bolan söýgüden doly pederlerimiziň ajaýyp ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etmäge höwesli we hyjuwly ýaş nesli bardygy we olaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladasyny duýup ýaşaýandyklary, okaýandyklary we zähmet çekýändikleri dogrusynda buýsanç bilen öz çykyşlarynda beýan etdiler.

Dabaraly maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýaşlaryň adyndan alkyş sözleri aýdyldy.

 

Meretgeldi ANNAKULYÝEW,

Türkmenistan Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI