ŞOWHUNLY GEÇEN “IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Paýhasy bilen döwrüň badyna kuwwatly tizlik goşan Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen asylly, parasatly işleriniň daşynda ilimiz bir gala deý jebisleşip, diňe öňe – ýeňişlere tarap tükeniksiz güýç-gaýrat bagyşlap, ata Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde parladýarlar.

Ýurdumyz-ösüşleriň, özgerişleriň mekany. Şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýar. Täze döwürde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzda, aýratyn hem ýaşlarda Watana bolan söýgini berkidýär, yhlasly okamaga, döredijilikli işlemäge, beýik ösüşlere goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary, ertir ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr.

Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys.” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.

Şadyýan bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan gurnalyp, bäsleşige şäher, etrap tapgyrlarynda I we II orunlara mynasyp bolan gyzjagazlaryň 22-si gatnaşdylar. Bäsleşik jemi 3 şertden ybarat bolup, okuwçy gyzlar öz aralarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şowhunly aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirmekde, bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşikleri geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde hem-de ýaş aýratynlyklaryna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, emin agzalaryň beren netijeleri boýunça I orna Tagtabazar etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Satlykowa Akpamyk, II orna Wekilbazar etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ataýewa Sähra dagylar mynasyp boldular. I we II orunlara mynasyp bolan eýjejikler Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan we I,II,III orunlara mynasyp  okuwçy gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýat Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Goý, ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Atageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI