Çagalar – biziň geljegimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ene-atanyň, maşgalanyň ykbaly däl, eýsem jemgyýetiň ösüşi bilen bagly bolup durýar. Ynsan öz perzendiniň sagdyn dünýä inmegini, ata Watanyna , il- halkyna wepaly adamlar bolup ýetişmegini isleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.” diýlip berkidilen. Bu möhüm wezipe her bir adamyň diňe bir ynsanlyk däl, ýokary jogapkärçilikli raýatlyk borjudyr.
Çaga adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň ösüş – özgerişli geljegi saýylýar. Has irki döwürlerden bäri körpe nesliň ýaşlygyndan başlap, synasynyň sagdynlygy, durmuş goraglylygy jemgyýet ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan eziz Diýarymyzda körpeleriň dünýä derejesinde bilimli bolmagy, umumadamzat ynsanperwerliginiň ruhunda terbiýelenmegi babatda abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly üns berilýär.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ösüp gelýän çagalary döredijilige ugrukdyrmak, olarda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak we surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Baýramaly etrabynyň 9-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda “Meniň Watanym” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde körpeler eziz Watanymyzy, ajaýyp tebigatymyzy wasp edýän mowzuk boýunça surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlar gowşuryldy.
Çagalaryň arasynda geçirilýän şeýle bäsleşikler olaryň zehin başarnygyny ýüze çykarmaga, olarda döredijilige bolan söýgüni has hem artdyrmaga uly ähmiýete eýedir.
Hojamyrat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.