“WATANA GULLUK ETMEK BELENT BORÇDUR”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde ösen ýurtlaryň ýaşlary bilen deňleşip, kämil çykmaklary üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň geljekde tutanýerli, ilhalar, watansöýüji, ajaýyp döwrümiziň mynasyp adamlary bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik we tutumly işleriñ durmuşa geçirilmegi, bütindünýä ýüzünde dabaralanmagy ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlar üçin edilýän ähli aladalar, bildirilýän ynamlar bagtyýar ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmäge hem-de türkmen halkynyň adyny Äleme äşgär eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza wepaly bolmaga borçly edýär.

Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryñ ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryñ öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, tertip-düzgüni berkitmek we ýaşlaryň sagdyn bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda birnäçe işler alnyp barylýar, wagyz-nesihat we düşündiriş  çäreleri yzygiderlikde geçirilýär.  Şeýle wagyz-nesihat çäreleriň biri hem, ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Serhet Gullugunyň Mary şäherindäki 2202 harby bölüminiň esgerleriniň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň  gurnamagynda geçirildi. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp  geçirilen bu wagyz-nesihat çäresi “Watana gulluk etmek belent borçdur” diýlip  atlandyryldy.

 Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Myrat Hanow, Mary şäher zenanlar guramasynyň agzasy Orazbibi Bäşimowa, ýaşuly nesliniň wekili Annagurban Agaýew dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakynda edýän aladalaryna esaslanyp ýaşlarymyzyň boş wagtlaryny peýdaly ulanmaklaryny, sport bilen meşgullanmaklaryny, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, ýaşlaryň tertipli bolmaklaryny, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini hem-de her bir aýdylýan zatdan dogry netije çykarmagy, adalatly, ynsanperwer, maksada okgunly, ruhubelent ýaşlar bolmalydyklaryny nygtap geçdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hemişe başlarynyň dik bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ýaň salýan içeri we daşary syýasatlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam  boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI