Ynsan bir daragt bolsa, perzent onuň miwesi. Mälim bolşy ýaly, perzent terbiýesinde ata-enäniň orny uly bolýar. Gyzjagazlara kiçiliginden milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýe berilýär. Bu günki günde orta mekdeplerde hereket edýän gurnaklar we zähmet sapaklary bolsa, gyzlarda zähmet, bilim we terbiýesi bilen bir hatarda, edepli-ekramly bolmagynda, maşgala mukaddesligini gorap saklamagynda we ata-enäniň sylamagynda, hünär öwrenmeklerinde esasy çeşmedir.
Agaçlaryň kökden boý alşy ýaly, perzentlerem öz ata-enesiniň ýol-ýörelgelerinden ugur alýandyr. Maşgalada ýaş nesliň terbiýesinde, elbetde, zenanlara köp zat baglydyr. Şeýle-de terbiýäniň diňe edim-gylymyň, daşky gözelligiň bilen däl-de, içki gözelligiň bilen hem bermegi başarmaly. Halkymyzda “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz” diýen parasatly pähim bar. Eneleriň göreldesi nusgalyk mekdep bolup asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däpleriniň biri. Nesil dowamaty bolan çaga terbiýesi bilen birlikde enelerimiz çeper el işleriniň ussady hökmünde-de nusgadyr. Zenanlarymyzyň sülük barmaklarynyň gudratyndan döreýän islendik el işini alanymyzda, bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Hawa, türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň döreden keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Ýürek mährini siňdirip, söýgi bilen döredilen ol eserleriň her biri deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak ajaýyp sungat eserine deň.
Hakykatdan hem, keşdeçilik milli buýsanjymyza öwrülen el hünärleriniň biridir. Ol juda irginsiz zähmeti talap edýär. Keşdeçiligiň özboluşly usullaryny, inçe tesirlerini taryh içre eneler gyzlaryna agtyklaryna öwredip gelýärler. Hut şu maksat bilen ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäher medeniýet merkezinde etrabyň orta mekdepleriniň kiçi synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Ene göreldesi-edep ýörelgesi” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde etrabyň orta mekdeplerinden jemi 23 sany okuwçy gyzlar gatnaşyp, olar ýaş gyzlaryň terbiýesinde döredijiligi, başarnygy, kanagatlylygy, sabyr-takady talap edýän çeper el işleriniň ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Bu bäsleşik örän täsirli geçip, bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulbeg Çaryýewa, etrap häkimliginiň hünärmeni, etrap Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary eminlik edip ýer alan okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
“Ene göreldesi-edep ýörelgesi” ady bilen geçirilen bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň şu güni hem geljegi bolan ýaş nesil barada edýän aladalary, okamak, döretmek babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.