“ZEMINIŇ BEZEGI TÜRKMEN ZENANY”

Dünýäniň özboluşly owadanlygy, onuň täsin gudratlylygy hem-de ýakymlylylygy jedelsizdir. Aslyýetinde, onuň direg sütünini keremli enelerimizde görýäris. Enelerimiziň köňül arzuwy abatlykdyr we parahatçylykdyr. Rowaýatlarda aýdylşyna görä, eneler ýylgyrsa her bir öýe mähir çaýylýandyr. Olaryň gursagyndaky arzuwy perzentlerini bagtyýar durmuşyň gadyr – gymmatyny we hözirini görüp ýaşatmakdyr. Bu günki gün bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda enelerimize, gelin-gyzlarymyza çäksiz hormat goýulýar. Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bolsa, güneşli Diýarymyzda baýram edilip, bellenilip geçilmegi ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan sarpanyň ýene bir ýola belentdigini aňladýar.

Hawa, Halkara zenanlar güni- bu köňül arzuwy abatlykdan we parahatlykdan ybarat bolan enelerimiziň baýramy. Halkara zenanlar güni- bu  bahar güllerine meňzeýän gelin-gyzlarymyzyň baýramy. Hut şu maksat bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň hem-de welaýatymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynda hem aýdym-sazly dabaralardyr, duşuşyklar  baýramçylyk äheňinde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi, Sakarçäge etrap häkimligi we iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan etrabyň “Alkyş” toý mekanynda “Zeminiň bezegi türkmen zenany” ady bilen geçirildi. Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna bagtyýar zenanlarymyz, mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Zenanlaryň hormatyna guralan baýramçylyk dabarasynda etrabyň tanymal aýdymçylary zenanlarymyza goýulýan sarpanyň uludygyny özleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, döredijilik we sungat işgärleridir, tansçylar bolsa, özleriniň goşgularynda, folklor çykyşlarynda we joşgunly tanslarynda wasp etdiler.

Şatlyk-şowhuna beslenip geçen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň soňunda çärä gatnaşyjylar bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän ähli şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Owadan ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI