Ene sana tagzym etýän başymy egip,
Mähriban hem eziz eý beýik ynsan!
Bu dünýädäki mukaddes zatlaryň arasyndaky iň eziz barlyk enedir. Eneler barlyk zynjyryň iň möhüm halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowam bolmazdy. Bular ýaşaýyşyň dowamatyna sebäp bolýan azot we kislorod atomlary ýalydyr.
Ene söýgüsi uly güýçdir, oňa taý geljek zady gözleseň uzak oýlandyrýar. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Belki, ýer ýüzünde ene söýgi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, ýer şaryny ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn – gasyn elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga hiç bir zat berip bilmez. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, dertlerimiz öz dertleri saýýan, iýmän bize iýdirýän, hem-de biziň durmuşda ýolumyzy arçaýan, bedenimiziň we aňymyzyň ösmegine sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeltýän, dünýämizi gözelleşdirýän we şunça sansyz haýyr işleri etmek bilen bizden hiç zat hantama bolmaýan mukaddeslik, ol hem enedir!
Enäniň bagtlylygyny mähirliligini artdyrýan zat perzendiniň durmuşda ilhalar, haramy, halaly saýgarýan Watan ogly bolup ýetişmegidir. Ene – perzent iki ten, bir jandyr. Perzent enäniň bagrynyň parasydyr, gujakda ýüregi ýyladýan közdür. Ýetginjeklik ýaşyna ýetende çaga ejesiniň söýgüsine gödeklilik bilen jogap berip başlaýar. Muňa ene ýüregi näçe ezilse-de syr bermez. Gaýtam: “Oglum ýigit çykyp barýar” diýip begener. Soňra mähriban ene perzendini Watan gullugyna ugradar şonda enäniň ýüregi ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Ene perzendine näçe “Balam, balam” diýsede, jigerbendiniň Watan ogludygyna düşünýändir. Perzendi talyp bolup okuwa barýan enäniň ýüregi guş bolup uçar. Oglunyň kitaplaryny alyp öýden çykanyny görüp, penjireden ony assyrynlyk bilen synlar. Ene Allajandan “Oglumy gözden – dilden gora” diýip dileg eder . Şeýdip, ene perzendini durmuşynyň her öwrüminde uly aladalar eder.
Ene özüniň ruhundaky inçelik bilen merdi merdanlary haýran galdyrýan mähir gahrymanydyr. Şeýle-de Muhammet Pygamberimiz hem “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” diýýär. Şu asman zemin arasynda näme bar bolsa enäniň mertebesi şolardan beýikdedir.
Eneler şu ajaýyp zamanamyzy bagtyýar etjek altyn neslimizi terbiýelemekde öý – ojagynyň bagtyýarlygyny, döwletimiziň abadanlygyny Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda iň uly mukaddeslikdir.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.