Bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde Halkara zenanlar güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan hem-de Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly ýörelgesidir.
Kämilligiň gözbaşyna, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjine öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesile geçip gelýän belent ynsanperwerlik däplerimizi dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetimiziň durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýoluna beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarlar.Ýurdumyzda ýylyň ýylyna iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmaty, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlary nazara alnyp, zenanlarymyz “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanýar, mähriban enelerimize “Ene mähri” diýen hormatly atlar dakylýar.
Mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününiň şanyna ýurdumyzda giňden medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem Garagum etrabynda uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna mähriban enelerimiz we etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, Garagum etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Bagtyýar Türkmen” toý mekanynda “Zenan-zeminiň zynaty” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Şatlyk şowhuna beslenen dabarada bagşy-sazandalaryň aýdan aýdymlary bu toý-dabarasyna gatnaşan gelin-gyzlaryň kalbyna ýaz ýakymy bolup ornady. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ajaýyp döwletimizde türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşlar uly ruhubelentlik bilen ýaňlandy.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.