ZENANLARYŇ MERTEBESI BEÝGELÝÄR

Türkmen halky maşgalany asyrlarboýy mukaddes hasaplap gelipdir. Halkymyzda türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanyp gelinýär. Maşgala ojak, saçak bilen deň görülýär, mukaddeslik saýylýär. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynda, ata-babalarymyzdan arkama-arka ýörelge bolup gelýän däp-dessurlarymyzyň, ynançlarymyzyň dowam etdirilmeginde türkmen zenanynyň uly orny bardyr.

Türkmen ojagynyň agzybirligini, mukaddesligini, halallygyny saklap, gorap, dowam etdirip gelýän türkmen zenanlary häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Ol zähmetiň aňyrsynda halallyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler jemlenýär. Şol häsiýetler türkmen zenanyny mukaddeslik derejesine ýetirýär. Olar ilki bilen, zenan edebiniň amal edilmegi esasynda döreýärler. Zenan edep hazynasy bolýar. Zenana uýat-haýa, päklik, mähremlik ýaly häsiýetler has hem ýakyn. Zenana mahsus bolan ýokardaky häsiýetleriň aýratynlyklary bilen bir hatarda, olaryň maşgala ojagyna bolan yhlasy hem ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýär. Şeýlelikde, gadymdan galan mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda, ony şu günlere ýetirip, ýaş nesillere öwretmekde we kämilleşdirmekde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmaty uludyr. Gujagy bahar-ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly, öý-ojagyň eýeleri bolan zenanlarymyza goýulýan sarpanyň belent bolan eziz Diýarymyzda Halkara zenanlar güni belentden toýlanýar.

Şu nukdaýnazardan, Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Ýolöten etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň Talhatan oba medeniýet öýünde “Zenanlaryň mertebesi beýgelýär” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu baýramçylyk çärede Mary welaýatyndan dürli ugurlardan myhmanlar gatnaşyp çykyş etdiler. Soňra etrabyň çagalar sungat mekdebine gatnaýan okuwçy ýaşlaryň aýdym sazlaryna, surat sergilerine syn etdiler. Çäräniň  ahyrynda zenanlar üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI