Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji bahary ýetip geldi-de, tebigat bilen bilelikde adamlaryň kalbyny ýaz eýledi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her bir güni toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda bahar aýlarynda toý baýramlaryň sany barha artýar. Mart aýynyň 8-i Halkara Zenanlar güni hökmünde baýram edilip, bellenilip geçilmegi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan üstünliklerimize gelin-gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň mynasyp goşantlarynyň bardygyny we olara goýulýan sarpanyň belentdigini aňladýar.
Şatlyk-şowhuna, bahar güllerine, mähirli arzuwlara beslenen Halkara zenanlar güni güneşli Diýarymyzda milli ýörelgelere laýyklykda uludan bellenilýär. Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda hem aýdym-sazly dabaralardyr, duşuşyklar baýramçylyk äheňinde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Geçirilýän baýramçylyk çärelere bagtyýar zenanlarymyz, mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
Hut şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, Wekilbazar etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Ýurdumyz berkarar-zenanlar bagtyýar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna öňdebaryjy işewür zenanlar, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy gelin-gyzlar hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Zenanlaryň hormatyna guralan baýramçylyk dabarasynda etrabyň tanymal aýdymçylary gujagy bahar-ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly, güneşli Diýarymyzda öý-ojagyň eýeleri bolan zenanlarymyza goýulýan sarpanyň uludygyny özleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda, joşgunly tanslarynda wasp etdiler. Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň soňunda çärä gatnaşyjylar bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän ähli şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Döwlet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.