Hormatly Prezidentimiziň “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys” diýen sargytlaryndan, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry gurnaldy.
Mary şäherindäki Bagt köşgi toý dabaralar merkezinde gurnalan bu bäsleşige Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Nazzyýew, Mary şäher bagşylar öýüniň akkomponýatory Kümüş Saryýewa, Wekilbazar etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülälek Geldiýewa, B.S.Türkmenbaşy adyndaky Mary welaýat medeniýet köşgüniň çeper ýolbaşçysy Baýram Hojagulyýew hem-de Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Bally Seýitmyradow dagylar eminlik etdiler.
Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ýaş aýratynlygyna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Şadyýan bäsleşikde I orna Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Şirmaý Çaryýewa, II orna Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýgözel Amangeldiýewa, III orna Mary şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Ogulsadap Tirkişowa hem-de Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülöwser Hangeldiýewa dagylar mynasyp boldular. 1-nji we 2-nji orny eýelän eýjejik gyzlar bäsleşigiň Mary welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.