Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edilýär. Berkarar döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär.
Zehinli ýaşlarymyz döwrüň sesine öz seslerini goşup, döredijiliginde ata Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper wasp edýärler. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys” diýen parasatly we ganatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary watançylyk ruhunda terbiýelemek aýratynda mähriban enelerimiziň, ähli gelin-gyzlarymyza çuňňur sylag-sarpa goýmak halkymyzyň müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan durmuş ýörelgelerini, ýaşlara giňden wagyz etmek şeýle hem türkmen gelin-gyzlary namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar bolmalydygy barada gyzlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeş, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň 42-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda “Gyz eli gyzyl gül” ady bilen duşuşyk sapagy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulbeg Çaryýewa dagylar alyp baryp, milli el-işleriniň edilişi barada giňişleýin düşündirildi.
Goý, biziň milliligimizi dünýä çykarýan, zenanlaryň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.