Ahlaklylyk adamyň özüni alyp barşy, gylyk-häsiýeti, aň-düşünjesi, adamlar bilen aragatnaşygy, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala, dost-dogana bolan gatnaşyklary bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary ýokary ahlak-watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary, ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özeni nesilden-nesle geçen milli ýörelgämiziň dowamaty bolup durýar. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýýar. Däp-dessurlarymyz ähli edep-terbiýäni we ahlak kadalaryny özünde jemleýär. Bu kämilligiň asly atadan ogla, oguldan nesle geçýän kämillik terbiýesidir. Hawa, müňýyllyklaryň dowamynda adamy ynsan, milleti halk, ýurdy döwlet derejesine elten yhlas bu gün halkymyzyň milli häsiýetine öwrüldi. Adamyň ynsanlyk häsiýeti maddy baýlygyň däl-de, ahlaklylygyň miwesidir. Döwlet kuwwatlylygy diňe bir ykdysadyýetiň däl-de, ilkibaşda jemgyýetiň ruhy baýlygynyň görkezijisidir.
Mälim bolşy ýaly, edep-terbiýäniň ýene bir ojagy bize agy-garany seljermäni öwredýän, ylym-bilim berýän ak mekdeplerimizdir. Mekdep okuwçylaryna ahlak terbiýesi, esasan, maşgalada we mekdepde berilýär. Mekdep çaganyň zähmete bolan söýgüsini döredip, maksadyna ýetmek üçin der dökmegi, azap çekmegi, kynçylyklara döz gelmegi, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy öwredýän terbiýe ojagydyr.
Şu nukdaýnazardan, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 9-njy we 25-nji bentlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maglumat elýeterligini we zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, arassa ahlaklylyk, millilik meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklaryny, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, internet ulgamyndan dogry peýdalanmaklyk, jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen Garagum etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Kämil nesil-sarsmaz sütün» atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekleri hem-de durmuşda kanuna we adama hormat goýmalydygy dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem ýaşlar okuwdan boş wagtlaryny jemgyýete we özlerine peýdaly işlere sarp etmekligi, sport, medeniýet, sungat bilen içgin gyzyklanmalydygy, hususy we jemgyýetçilik işlerini utgaşykly alyp barmaklary hem-de bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlakly, dogruçyl nesil bolup kemala gelmelidigi barada beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun hem-de döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.