“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ-2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ ŞOWHUNY

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmelerdir ösüşler bilim ulgamynda hem toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasynda amala aşyrylýar. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin gerekli şertleriň ählisi döredilendir. Hakykatdan-da, ýaş nesillerimiziň bilimden paýly, ylymdan serpaýly bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň bolelin durmuşda ýaşap, bilim almagy, yhlasly, halal zähmet çekmegi üçin ençeme ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasanda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamaga, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän  ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 - 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” ady bilen yglan eden şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Şadyýan bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan gurnalyp, bäsleşige  Ýolöten etrabynyň orta mekdepleriniň 2 - 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň jemi 36-sy gatnaşdylar. Bäsleşik jemi 3 şertden ybarat bolup, okuwçy gyzlar öz aralarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şowhunly aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirmekde, bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşikleri geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde hem-de ýaş aýratynlyklaryna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, emin agzalaryň beren netijeleri boýunça I-nji orna Ýolöten etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bekiýewa Nurana, II-nji orna etrabyň 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ataýewa Aýjemal, III-nji orna etrabyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Muhtarowa Ejegül dagylar mynasyp boldular. Bäsleşikde ýer alan okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Şarifa AZAMOWA,

Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI