Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli el işlerimiziň şöhratynyň täzeden belende göterilmegi, baý taryhly halkymyzyň nepis sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýetiň berilmegi ugrunda edilýän tagallalar milli mirasymyza, ajaýyp gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis el işleri zenanlaryň zehininde dörän ýürek owazydyr.
Ýakynda, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň gurnamagynda etrabymyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda “El hünäri – il gezer” ady bilen el işleriniň sergisi hem-de söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Geçirilen çärä kümüş saçly mährem enelerimiz, etrabyň orta mekdeplerinde okaýan eli hünärli okuwçy gyzlarymyz gatnaşyp, olar milli el işlerimiziň gelin-gyzlarymyzyň arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän sungatdygy dogrusynda çykyş etdiler. Mundan başga hem, halkymyzyň “El hünäri- il gezer” diýen ajaýyp nakylyna eýerilip, gadymdan gelýän el hünäriniň nesillerimize ýetirilýändigi şeýle hem gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden çykan işleri döwrebap keşdelerde, ýakalarda we dürli biçüwlerde täze-täze nusgalar bilen baýlaşdyrylýandygy barada gyzykly tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagyna, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen milli el işlerimiziň ösdürilmegine uly üns berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hajar GARRYÝEWA,
TMÝG-niň Wekilbazar etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.