“EDEPLI EKRAMLY MYLAÝYM ZADA”

Türkmen milli edep-ekramy öz gözbaşyny dury akabadan alyp gaýdýar. Eziz Diýarymyzda röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, sowatly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer edip kemala getirmek döwletimiziň baş aladalarynyň biridir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň belent tutumlaryndan gözbaş alýan beýik işleri, milli maksatnamalar bizi ýagty geljege alyp barýar.

Bilşimiz ýaly, ösüp gelýän ýaşlarymyzy ýokary ahlak düşünjeli adamlar edip ýetişdirmekde ata-babalarymyzyň terbiýe babatynda miras goýup giden milli edim-gylymlaryň, däp-dessurlarynyň orny örän uludyr. Ruhy we medeni baýlyklardan galkynyp, kemala gelen beýik türkmen şahsyýetleri öz atlaryny, ata Watanynyň adyny dünýä kitabyna ýazyp, öçmez yz galdyryp gitdiler. Türkmençilikde “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýilýär.

Hakykatdan hem, türkmen halkynyň çuňňur, baý medeni miras bar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde-de milli gymmatlyklaryň orny aýratyn uly. Ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz döredijilikli ösdürilip, eli hünärli gyz-gelinler tarapyndan biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Dünýä gözellikleri, dünýä mukaddeslikleri enäniň ruhy dünýäsinde ýerleşýär. Ol tebigatyň beýleki gözellikleri, baýlyklary ýaly göze görünmeýär, ýöne enäniň ruhy dünýäsiniň döreden sungaty kalpdan-kalba , dilden-dile geçip, älemde müdimilik yz galdyrýar. Dürli-dürli nagyşlarymyz gadymyýetden bäri gelin-gyzlar tarapyndan keşdelenip, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Keşdeçilik sungatymyz beýleki el senetlerimize hem siňip gidipdir.

Şu nukdaýnazardan dadymdan gelýän nusgalyk edep terbiýe edim-gylymlarymyz asylylyk, paýhaslylyk ýaly gyzyldan gymmatly gylyk häsiýetlerimizi ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap zenanlar guramasy, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Edepli ekramly mylaýym zada” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap häkimliginiň hünärmeni, Zenanlar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulbeg Çaryýewa, Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň ýaşaýjysy Narmeňli Allakowa dagylar çykyş etdiler.

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda ösüp gelýän ýaş nesillere has-da gyz maşgalalara hünär öwrenmekleri, mukaddes maşgala, ene-ata wepalylygy ündäp gelejekki nesillerimiziň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn bolmaklaryny nygtap geçdiler we duşuşyga gatnaşanlar bilen sorag-jogap alyşdylar.

Goý, biziň milliligimizi dünýä çykarýan, zenanlaryň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI