Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, daşary syýasatynda guwandyryjy netijeler gazanylyp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara guramalary bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmegi şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrýan “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly täze başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolmagynda görmek bolýar. Şeýlelikde, bu başlangyç ýurdumyzda ýene bir ýola dünýä ýurtlaryň arasynda halkara gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine uly itergi berýändigine şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpany aňladýar. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni diňe bir diplomatlaryň baýramçylygy bolman, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy bilen meşgullanýan ähli hünärmenleriň baýramçylygydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, halkara hukugy we halkara gatnaşygy baradaky hünär düşünjeleri, diplomatiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ösüş taryhy hemmelerde uly gyzyklanma döredýär.
Mälim bolşy ýaly, halkara hukugy diýlende, dünýäniň döwletleriniň, halklarynyň, halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk ýörelgeleriniň we kadalarynyň jemine düşünilýär. Hukuk ulgamynyň beýleki ugurlary ýaly , halkara hukugy hem taryhy, jemgyýetçilik düşünjedir, döwletlilik düşünjesi bilen pugta baglanyşyklydyr. Çünki döwletleriň , halklaryň, jemgyýetiň ösüşi üçin olaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhümdir.
Hawa, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň ösüşini synlanyňda, dürli döwürlerde türkmen halkynyň halkara hyzmatdaşlygynyň özboluşly ulgamynyň kemala gelmegine mynasyp goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Taryhy döwürlerde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak, resmileşdirmek üçin ulanylan resminamalaryň gurluşy we mazmuny Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyň we diplomatiýanyň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara bileleşigiň ynsanperwer tagallalaryna mynasyp goşant goşmakda türkmen diplomatlary halkara gatnaşyklar ulgamynda döwrebap hukuk binýada esaslanyp netijeli işleri alyp barýarlar.
Mahlasy, türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.
Goý, halkyny röwşen geljege we ýagty menzillere atarýan, dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, Watanymyzyň ösüşli hem-de röwşen ýollary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
Institutynyň 3-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.