“ALTYN TOP” ATLY BÄSLEŞIKDE

Sport, her bir türkmenistanly türgeniň hem-de ýaşlaryň gursagynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we maksada okgunlylyk häsiýetlerini kemala getirýän güýçdir. Hawa, ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda ýene bir ýola köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň belent derejelere çykmagyny şertlendirýär. Watandaşlarymyzyň, esasan-da geljegimiz bolan ýaşlaryň beden we ruhy sagdynlygy hakyndaky döwlet derejeli aladalar ýurdumyzda ynsan durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Bilşimiz ýaly, döwletimizde ýaşlar syýasaty hem-de sport ulgamy utgaşyklylykda alnyp barlyp, bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly orun degişlidigi hemmä aýan, hemmä hakykat. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz saýlap alan hünärlerinden ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri, ýaş türgenleriň täze nesliniň, onda-da berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny halkara sport giňişliginde belende göterip bilýän ussat türgenleriň kemala gelmegi üçin hem ýurdumyzda uly tagallalaryň edilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Şol tagallalaryň aýdyň netijelerine bolsa, biz dünýä derejesinde geçirilýän iri sport ýaryşlarynda ýaşlarymyzyň gazanýan ýokary üstünlikleriniň mysalynda şaýat bolýarys. Bu günki bagtyýar ýaşlar Watanmyzyň güýjidir, daýanjydyr. Munuň özi döwletimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda’’ hem ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi giň dünýä garaýyşly hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Maksatnama ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretýär.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 48-nji bendinden ugur alyp okuwçy ýaşlaryň sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi we Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde Türkmengala etrabynyň çäginde ýerleşýän orta mekdepde okaýan okuwçy oglanlaryň gatnaşmaklarynda, etrap sport mekdebinde “Altyn top!” atly şygar astynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň we Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň wekilleri eminlik etdiler. Emin agzalaryň adalatly baha bermekleri netijesinde okuwçylaryň arasynda tapawutlanyp ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen sportuny täze belentliklere çykaryp, Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesillerimiziň watansöýüji we berk bedenli ynsanlar bolup ýetişmekleri babatda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, beýik başlary hemişe aman bolsun!

 

Mähri GARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI