Halk arasynda gyz edebi barada-da juda köp gürrüňler edilýär. Munuň özi türkmeniň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagtda hem ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Hawa, gyz maşgalaly öýüň sylagly öýdügini ene-mamalarymyz ýönelige ündemändir. Sebäbi, il arasynda üç gyz perzendi terbiýeläp ýetişdirip, abraý bilen il hataryna goşan enäniň ýalkawlydygy barada aýdylýar. Gyzlaryň haýalylygy, sabyr-takatlylygy hem-de edasy iliň genji-hazynasydyr diýilýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan miras bolup galan, milli däp-dessurlary mynasyp dowam etdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, milli mirasymyza bolan sarpany, edep-terbiýe, ahlak terbiýesi barada ýaşlaryň arasynda kemala getirmek hem-de ösdürmek ugrunda bir näçe işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň durkuna deňelýän enelerimiz, uýalarymyz bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp, mähriban Arkadagymyza alkyşlar aýdýarlar. Gadymdan galan mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak-da, ony şu günlere ýetirip, ýaş nesillere öwretmek-de we kämilleşdirmek-de zenanlarymyzyň bitirýän hyzmaty uludur.
Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 15-24-nji bentlerinden ugur alyp halkymyzyň müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan durmuş ýörelgelerini ýaşlara giňden wagyz etmek şeýle hem türkmen gelin-gyzlarynyň namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar bolmalydygy barada gyzlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, Ýolöten etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň Talhatan oba medeniýet öýünde gelin-gyzlaryň arasynda “Bagtdan paýly hakdan sarpaly - Arkadag Serdarly bagtly gelin-gyzlar” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Geçirilen çärede çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar özleriniň çykyşlarynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlar hem-de edim – gylymlar döredilendigi we olaryň ählisiniň gelin-gyzlarymyz üçin ahlak ýörelgesidigi dogrusynda çykyş etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin- gyzlarymyzyň gadymdan gelýän şeýle ajaýyp däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramak-da yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy barada buýsanç bilen çykyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlarymyza hem-de türkmen zenanlary üçin uly aladalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.