“MILLI MIRASYM EDEP-EKRAMYM”

Türkmen halky milli gymmatlyklara, medeni mirasa baý halk. Türkmenistan Diýarymyz tutuş sebitde umumyadamzat gymmatlyklarynyň iň köp saklanyp galan medeni ojagy.Türkmen halky bütindünýä mirasyna, dünýäniň medeni ösüşine mynasyp goşant goşan ýurt hasaplanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gönükdirlendir. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, şowhunly bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merw topragynda saklanyp galan, bu gün taryhy ajaýyp binagärlik sungatyndan habar berip duran köşkler öwgä mynasypdyr.

Şeýle maksatlardan ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin alyp barýan işlerine  ýaşlaryň ünsüni çekmek, türkmen ýaşlarynyň ruhuny belende galdyrmak şeýle hem ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak, gadymy gymmatlyklarymyzy ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Mary şäher Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň, Mary şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine “Milli mirasym edep-ekramym” ady bilen gezelenç gurnady. Olar muzeýiň etnografiýa, arheologiýa we birnäçe bölümlerine gezelenç edip, muzeýde ýerleşdirilen ähli gymmatlyklar ýaşlaryň, talyplaryň hem-de okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeýiň ylmy işgäri Sülgün Ahmedowa bu ýerde saklanýan ähli gymmatlyklar barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri bagtyýar ýaşlarda halkymyzyň taryhyna uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerdäki çärä gatnaşyjylara milli medeniýetimize, mirasymyza bolan çäksiz söýgini artdyrdy. Çärä gatnaşyjylar hem şeýle döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň ata kesbini ýöredýän  Arkadagly Serdarymyzyň  janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI